• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda işleriň guralyşy bilen tanşylar

  30.03.2021

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa ýurdumyzda gurulýan desgalaryň gurluşyk işleriniň geçirilişini ýerinde baryp görmek, dokma we söwda kärhanalarynda işleriň guralyşy bilen tanyşmak üçin, 29-njy mart ― 2-nji aprel aralygynda Ahal welaýatynda bolmagy tabşyrdy.

Bu saparyň çäklerinde wise-premýer Oba milli maksatnamasy we kabul edilen beýleki maksatnamalar esasynda telekeçileriň alyp barýan işleri bilen hem ýerinde tanyşdyrylar.