2024-nji ýylyň dört aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň görkezijileri 6,3 göterim artdy
Habar berilmegine görä, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim artdy.
Şeýle hem döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 102,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasynyň bolsa 97,4 göterim ýerine ýetirilendigi, ýanwar – aprel aýlarynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlanandygy bellenildi. «Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,9 göterim ýokarlandy» diýip, H.Geldimyradow nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçen dört aýyň jemleri boýunça gazanylan netijeleri mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, wise-premýere ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri netijeli alyp barmak tabşyryldy.