• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Nar hasylyny ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär

  03.10.2024

Şu günler Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň bagbanlary, kärendeçi daýhanlarydyr hususyýetçileri dürli miweli baglarda ýetişdiren hasyllaryny ýygnamak işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar. Olar jogapkärli möwsümiň başyndan bäri alma, armyt, erik, garaly, şetdaly, nar, üzüm ýaly ençeme miweli önümleriň ýüzlerçe tonnasyny ýygyp, terligi bilen ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna ýetirdiler.

Ekologik taýdan arassa, arzyly, datly önümleriň biri-de Sumbar jülgesiniň dünýä meşhur alýaňak narydyr. Şeýle narlar medeniýetleşdirilen görnüşleriniň sany boýunça-da juda köpdür. Aslyn-da, tutuşlaýyn alanyňda jenneti künjegi ýada salýan Sumbar, Çendir jülgeleri hem-de şu jülgeleriň dag derelerinde, Sumbar derýasynyň boýlarynda ýabany ösýän nar agajynyň aýratyn görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Magtymguly etrabynyň der döküp, dür öndürmegi başarýan zähmetsöýer bagbanlarynyň we ylmy esasda iş alyp barýan tejribeli seleksionerleriniň döredijilikli gözlegleri, ýadawsyz tagallalary netijesinde olar «Gözel Sumbaryň nary» diýen umumy at bilen meşhurlyga eýe boldular. Behişti miwäniň geçen döwürde ylmy-gözleg ekspedisiýalar arkaly daşary ýurtlardan getirilip, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan görnüşleri hem köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Galyberse-de, olar ykdysady taýdanam girdejili hasaplanylýar.

Gözel Sumbar jülgesindäki obalaryň şahsy melleklerinde, etrabyň daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdirilýän narlar tagamly, şol bir wagtyň özünde sowgatlyk, üýtgeşik nygmat bolup, saglyk üçin diýseň ýaramlydyr. Biri-birinden biologik-hojalyk häsiýetleri boýunça gabygynyň galyňlygy, dänesiniň gatylygy, ýumşaklygy, miwesiniň turşulygy, süýjüligi, tagamlylygy babatda tapawutlanýar. Nar agajynyň beýikligi iki-üç metrden geçýär. Her bir düýbüniň hasyllylygy bolsa görnüşlerine baglylykda, 20 kilogramdan 70 kilograma çenli ýetýär. Aýratyn saýlanyp alynan käbir görnüşleriniň agramy 500-600 grama deň gelýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy- ensiklopedik kitabynda hem naryň dermanlyk häsiýetleri hakynda aýratyn durlup geçilýär. Şonuň ýaly-da derde derman, jenneti miwesiniň häsiýetli aýratynlyklary gadymy döwürlerden bäri meşhurdyr. Halk lukmançylygynda hem naryň tutýan orny we ähmiýeti has-da uly.

Il-ulsumyzyň döwletli desterhanlarynyň bezegine we berekedine öwrülýän naryň hatda gabygam derileri eýlemekde, öwüşginli reňkleri almakda ygtybarly serişdedir. Hemmetaraplaýyn peýdaly, täsin miweleriň hatarynda durýan nar hasylyny ýygnamak işleri bolsa subtropik etrapda noýabr aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.