• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Aşgabat Türkmenbaşy dokma toplumy önümlerini onlaýn satyp başlady

  29.09.2020

Aşgabadyň Türkmenbaşy dokma toplumy özüniň internet-dükanyny açdy.

Indi sarp edijiler “Nusaý” haryt nyşanly dokma önümlerini kärhananyň üç dilde: türkmen, rus, iňlis dillerinde elýeterli bolan resmi web sahypasynda satyn alyp bilerler.

Onlaýn dükanda Nusay markaly öndürilýän önümleriniň esasy görnüşleri: zenanlar, çagalar we erkekler üçin niýetlenen geýimler, goşa we bir krowat üçin ýorgan-düşek daş toplumlary, erkekler we çagalar futbolkalary hödürlenilýär.

Satyn almak üçin hödürlenýän önümleriň hili ISO 9001 we 14001 ýaly hil şahadatnamalaryny tassyklanyldy.

“Nusay” nyşanly önümleri öýe sargap getirmek mümkinçiligini berýän bu internet-dükany diňe alyjylar üçin däl eýsem kärhananyň özi üçinem giň mümkinçilikleri berýär. Internet dükanyň hyzmatlarynyň kömegi bilen Türkmenbaşy dokma toplumy ýurduň ähli sebitlerindäki sarp edijileri öz önümlerini ýetirip biler.

Şu ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda, Aşgabatda Oguzhan köçesiniň ugrunda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bäş täze dükanynyň arasynda Nusay söwda markasynyň açylyş dabarasynyň dabaraly ýagdaýda geçirilendigini ýatladýarys.