Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumy: ägirt uly mümkinçilikler
Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasy, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, “Türkmen energiýa forum” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli sergi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň uly topary — ozaldan gelýän hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny görkezýär. Şu gezekki sergä Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň kompaniýalary gatnaşýar.
Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Sergä we maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda häzirki döwürde eziz Watanymyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urup, dünýäniň kuwwatly, durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrülendigi bellenilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat pudagy hem ýokary depginlerde ösýär. Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu serginiň we maslahatyň türkmen hünärmenleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn strategiýanyň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly harytlaryň giň görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşen döwrebap senagat kärhanalary gurlup, ösen ulag düzümi kemala getirilýär hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy depginli alnyp barylýar. Dünýäde ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň biri hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat Garaşsyz Watanymyzdaky giň gerimli özgertmeleriň nyşanyna öwrüldi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň birnäçe gözel desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünliklere beslenýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň innowasion esasda ösdürilmegine, ägirt uly tebigy baýlyklardan doly derejede peýdalanmaga, ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn özgertmäge, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän amatly durmuş düzümleri kemala getirilen döwrebap şäherleri we obalary gurmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmekde gurluşyk-senagat toplumyna aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, sergä gatnaşyjylaryň we onuň myhmanlarynyň kaşaň edara binalary, bilim, sport desgalary, söwda-dynç alyş merkezleri, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, myhmanhanalar, sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezleri, ýokary tizlikli awtomobil ýollary we beýlekiler şöhlelendirilen taslama çyzgylaryna, bannerlere ilkinji nobatda üns bermekleri tötänden däldir. Bu sergi diňe bir hünärmenlerde däl, eýsem, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda hem gyzyklanma döredýär.