• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga alýar

  22.11.2023

Paýtagtymyz Aşgabat ýene bir iri sport ýaryşynyň geçirilýän merkezine öwrüler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 23 — 28-nji noýabrda ak mermerli paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty geçiriler. Ol türkmen sportunyň taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa bolup ýazylar.

Türkmenistanda bu halkara ýaryşyň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň, Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen umumy sapagyndaky çykyşynda: “Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir” diýip belledi. Ýeri gelende nygtasak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, umumybilim, ýöriteleşdirilen orta-hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe taýýarlygy boýunça hökmany sapaklar girizildi. Munuň özi ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin edilýän tagallalardan nyşandyr.

Ýurdumyzda soňky ýyllarda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri we beýleki degişli desgalar guruldy. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ýöriteleşdirilen lukmançylyk we anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle binýatlaýyn esasda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy. Muňa anyk mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäherde birnäçe sport desgalary — köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup, ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi.

Aşgabatda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça häzirki zaman toplumlaryny özünde jemleýän, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny täze derejelere çykarmaga şert döretdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir asylly däbiň — köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň yzygiderli esasda geçirilmeginiň başyny başlady. Bu başlangyç watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe boldy. Ildeşlerimiz ýurdumyzda yzygiderli esasda guralýan sport çärelerine höwes bilen gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär. Munuň özi sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, milli, ählumumy derejede durnukly ösüşiň esaslary hökmünde jemgyýetde ekologik dünýägaraýşy berkarar etmekde ýurdumyzyň tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň ajaýyp bir mysalydyr. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny alamatlandyrýan bu senäniň döredilmegi parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty wagyz etmek, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm waka boldy. Dünýäniň 62 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi bütin dünýäde parahatçylygyň we agzybirligiň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän Garaşsyz döwletimiziň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli, Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň oňyn netijesidir.

Däp bolşy ýaly, şu ýyl hem Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, welosipedli ýöriş geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda, Aşgabadyň ajaýyp ýerleriniň birine öwrülen “Welosiped” binasyndan badalga aldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi bolmak bilen, sport bilen meşgullanmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda welosiped sporty bilen meşgullanýan çagalaryň we ýaşlaryň sany barha artýar. Munuň şeýledigine Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň welosipedli ýörişlere gatnaşmaklary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

2018-2019-njy ýyllarda Aşgabatda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, “Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy” hem-de welosipedçileriň 2019-syny birleşdirip, “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş” diýen derejelere mynasyp bolan iki sany möhüm çäräniň geçirilendigini bellemek gerek.

Ruhy güýji we kuwwaty artdyrýan ähmiýetli sport çäreleriniň geçirilmegi, soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sportunyň muşdaklarynyň sanynyň artmagy sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan sagdyn durmuş ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ugry bolmagynda galýar. Munuň şeýledigine dürli ýaşdaky we kärdäki watandaşlarymyzyň müňlerçesiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin sport çäreleriniň, bag ekmek dabaralarynyň yzygiderli geçirilmegi hem şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň saglygynyň berkidilmegine hem-de abadançylygynyň üpjün edilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet bermek bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sporty wagyz etmek hem-de ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Işjeň dynç almak üçin zolaklaryň, sport meýdançalarynyň döredilmegi ýaşaýyş jaý toplumlarynyň taslamalaryna bildirilýän üýtgewsiz talap bolup durýar. Munuň özi ilatyň, ozaly bilen, ýaş nesliň saglygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Bilim we mekdebe çenli edaralaryň gurluşygynda sport düzümleriniň göz öňünde tutulmagy üýtgewsiz şertdir. Olaryň düzümine göwnejaý enjamlaşdyrylan häzirki zaman sport zallary, futbol, basketbol, woleýbol meýdançalarydyr ýüzülýän howdanlar, tennis meýdançalary girýär.

Geçirilýän işleriň netijesinde, türkmenistanlylar irki ýaşlardan başlap, sportuň tomusky we gyşky görnüşlerini, şol sanda hokkeý oýnuny we figuralaýyn typmagy üstünlikli özleşdirýärler. Merkezi Aziýanyň howa şertleriniň aýratynlyklaryna garamazdan, sportuň gyşky görnüşleri hem ýurdumyzda uly ösüşe eýe boldy.

Bedenterbiýe we sport ulgamynyň kämilleşdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegi milli kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapýar. Munuň şeýledigine “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Atçylyk we atly sport hakynda”, “Meýletinçilik hakynda”, “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi şaýatlyk edýär. 2015-nji ýylda ýurdumyz 1981-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda kabul edilen Olimpiýa nyşanlaryny goramak hakynda Naýrobi ylalaşygyna goşuldy. 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda Jarnama kabul edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýalaryň netijesinde türkmen sporty hil taýdan täze derejelere çykaryldy. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ägirt uly sport baýramçylygyna öwrülip, türgenlerimiziň gazanan ajaýyp ýeňişleri bilen taryha girdi. 2018-nji ýylda bolsa gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.

Şu ýylyň iýun aýynda paýtagtymyz 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ikinji gezek geçirilen ýeri boldy. Onda 6 ýurduň — Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýaş tennisçileri toparlaýyn birinjilik ugrunda bäsleşdiler.

Ine, bu gün Aşgabat dünýä möçberindäki ýene bir iri ýaryşy kabul etmäge taýýar. Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda bu ýaryş bilen bagly guramaçylyk komitetini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir. Soňky ýyllarda kuraş bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen Halkara kuraş assosiasiýasy häzirki wagtda Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 — jemi 118 sany milli sport federasiýasyny özünde birleşdirýär.

Kuraş boýunça dünýä çempionatlary 1999 — 2022-nji ýyllar aralygynda her ýyl, 2005-nji ýyldan bäri bolsa her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. 14-nji gezek geçirilýän şu gezekki dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanynyň iň ýokary görkezijide boljakdygy habar berilýär. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň berýän soňky maglumatlaryna laýyklykda, 490-dan gowrak wekil, şol sanda 53 döwletden türgenleriň 243-si, tälimçiler, eminler we beýleki resmi adamlar Aşgabatda geçiriljek çempionata gatnaşjakdyklaryny mälim edip ýüz tutdular. Munuň özi ozal dürli ýurtlarda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň görkezijilerinden has ýokarydyr.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine-de mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Şunda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek günleriniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy şanly waka boldy. Mälim bolşy ýaly, bu komitet sportuň ornuny giňeltmek we ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen, 1978-nji ýylda döredildi. Ýurdumyzyň 2017 — 2021-nji ýyllar döwri üçin hem ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanylandygyny we onuň işine işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek. Bularyň ählisi Watanymyzyň belent halkara abraýynyň, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini dünýäde wagyz etmekde goşýan uly goşandynyň ykrarydyr.

Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolmagynda galýar. Türgenler bolsa dost-doganlygyň we parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlyklary, ýeňşe bolan erk-islegleri bilen Olimpiýa taglymlaryny berkarar edýärler. Şoňa görä-de, ussat türgenleri, tälimçileri, beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak wezipesi “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň”, beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Milli sportumyzyň geçen ýoly yzygiderli gazanylýan ajaýyp ýeňişlerden doly bolup, täze taryhy döwrümiziň ýokary sport üstünlikleri olaryň üstüni ýetirýär. Şolaryň hatarynda 2021-nji ýylda Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda ilkinji kümüş medalyň gazanylmagyny hem görkezmek bolar.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň häzirki nesliniň gazanýan ýeňişleri türkmenistanlylaryň kalbynda buýsanç duýgularyny döredýär. Ýaş türgenler özlerinden öňki halypalarynyň ýoluny mynasyp dowam etdirýärler. Türgenlerimiz köp sanly halkara ýaryşlara gatnaşýarlar we hemişe diýen ýaly dürli medallara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolup, Watanymyza üstünlikli dolanyp gelýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda: “Noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyny hem ýokary derejede guramalydyrys. Şeýle-de geljek ýyl Fransiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gowy taýýarlyk görmelidiris. Biz türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň sport abraýyny gorap, watansöýüjiligiň hem-de ussatlygyň nusgasyny görkezjekdiklerine berk ynanýarys” diýip belledi.

Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guraljak dünýä çempionatynda 15 medal toplumy ugrunda 7 erkek we 8 zenan agram derejesinde tutluşyklar meýilleşdirilýär.

Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda ýurdumyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak ugrunda türgenlerimiziň öňünde möhüm wezipe durýar. Şeýle belent maksatlara ýetmek üçin hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň aladalary esasynda, Diýarymyzda uly işler amala aşyryldy.

Şeýlelikde, dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemlejek bu ýaryş türgenlerdir janköýerler üçin parahatçylygyň, dostlugyň we sportuň iri baýramçylygy bolar.