Aşgabatda we Gumdagda dokma önümleriniň täze dükanlary açyldy
Täze dükanlarda Türkmenistanda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli, içeri we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan dokma önümleriniň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenilýär.
Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen tutuş ýurdumyz boýunça ýakyn wagtlarda şunuň ýaly söwda toplumlary açylar.
Dükanlarda soňky döwürde giň meşhurlyga eýe bolan milli söwda nyşanly harytlary satyn almak mümkindir. Olaryň hatarynda Gökdepäniň dokma toplumynyň «Gala», Aşgabadyň dokma toplumynyň «Goza», Türkmenbaşy jins toplumynyň «Bedew» haryt nyşanly önümleri, Marynyň «Ýeňiş» fabriginiň önümleri, Aşgabadyň panbarhat matasyny öndürýän fabriginiň we beýlekileriň önümleri bar.
Ýurdumyzyň dizaýnerleri öz işlerinde ilkinji nobatda ilatyň möwsümleýin isleglerini nazarda tutup, dünýä meýillerine laýyklykda, lybaslaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar we önümçilige hödürleýärler. Erkekler we zenanlar üçin tomus möwsümine niýetlenen egin-eşikler, şeýle hem her bir ýokary okuw mekdebiniň aýratynlyklary hasaba alnyp hem-de milli bezegleriň görnüşleri peýdalanylyp, talyplar üçin öndürilýän sport lybaslary uly islege eýe bolar.
Täze dükanlaryň giň we ýagty söwda otaglarynyň bezegi, olarda gurnalan egin-eşik geýilip görülýän otaglarda alyjylar üçin aňrybaş amatly şertler göz öňünde tutulypdyr. Olar öz islän harytlaryny nagt we nagt däl görnüşde hasaplaşmak arkaly satyn alyp bilerler.