Aşgabatda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we 2021-nji ýylyň şygarynyň «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegine bagyşlanyp guralýar.
Sergi Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramaklarynda geçirilýär.
Maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy türkmenistanlylaryň taryhy gymmatlyklara, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara we ýol-ýörelgelere ygrarlydygyny görkezýär. Bu ählihalk baýramy milli toý-baýramlarymyzyň iň ajaýyplarynyň biri bolup öňe saýlanýar. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halyçy zenanlaryň arasynda bäsleşikler guralýar. Olaryň haly dokamak işi ýokary döredijilik gymmatlygy we inçe zähmeti bilen tapawutlanýar. Ussat halyçylaryň çiten gölleri öz gözelligi, takyklygy bilen göreni haýrana goýýar.
Haly sungatynyň ajaýyp nusgalary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan söwda toplumynyň sergi diwarlyklarynda görkeziler. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň dokma senagatynyň diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem, dünýä ýüzünde uly islegden peýdalanýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa we bäsdeşlige ukyply önümleri bilen tanyşdyrylar. Serginiň myhmanlarynda sergä gatnaşýan beýleki ministlikler, pudaklaýyn edara-kärhanalar we telekeçiler tarapyndan öndürilýän önümler hem uly täsir galdyrar.
Mundan başga-da, bu baýramçylyk gününde Türkmen halysynyň Bütindünýä assosiasiýasynyň XXI mejlisi we «Türkmen halysy ― gözelligiň nusgasy» atly halkara maslahat geçirilýär. Türkmen halylarynyň 2000-den gowrak nusgasy jemlenen, dünýäde türkmen halysynyň ýeketäk milli muzeýi bolan AŞgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, ýurdumyzyň ussat halyçylarynyň bir toparyna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakylar.