Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda täze dokma kärhanasy işe giriziler
Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisiniň barşynda wise-premýer Ç.Gylyjow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda täze dokma kärhanasynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bu kärhananyň ulanylyşa girizilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamany durmuşa geçirmekde hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda eksportyň öwezini tutýan ýerli önümçiligi ýola goýmakda möhüm ädimdir. Şeýle hem kärhananyň işläp başlamagy täze iş orunlarynyň döremegine we bu pudagyň önümçilik hem-de eksport kuwwatynyň artmagyna ýardam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, kärhananyň açylyşynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýubileý baýramyna ajaýyp sowgat boljakdygyny nygtady we wise-premýer Ç.Gylyjowa açylyş dabarasy bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.