• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​«Altyn asyr» söwda merkezinde ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň täze önümleri satuwa çykaryldy

  01.12.2021

«Altyn Asyr» söwda merkezine «Gala», «Ýeniş», «Bedew», «ADT» we beýleki haryt-nyşanly dokma önümleriniň täze tapgyry gelip gowuşdy.

Täze ýylyň öňüsyrasynda alyjylara gündogar senenamasy boýunça geljek ýylyň «eýesi» barsyň şekili ýerleşdirilen we çagalar üçin niýetlenilen ýatylýan egin-eşikler, ýumşak oýunjaklar, «Akar» haryt-nyşanly çaga joraplary, şeýle hem täze ýyl bezegleri we sowgatlyk üçin ädikler hödürlenilýär.

Şeýle hem ýorgan-düşek üçin daşlyklaryň, aşhana üçin süpürgiçleriňdir dürli önümleriň täze görnüşleri bar.

Mundan başga-da, çagalar we uly adamlar üçin gündelik egin-eşikleriň: tebigy ýüňden milli nagyşlar salnyp bezelen zenan žempirleriniň, erkek köýnekleriniň, jins önümleriniň we köwüşleriň täze görnüşleri alyjylara garaşýar.