Atamyrat Nyýazow adyndaky Dokma toplumynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Ýakynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Atamyrat Nyýazow adyndaky Dokma toplumynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we etrap birleşmeleri bilen fabrigiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilelikde guradylar. Wagyz-nesihat çäresine bu toplumda zähmet çekýän işçi hünärmenler gatnaşdylar.
Duşuşykda ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşleri, onuň döwletiň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda eýeleýän möhüm orny, pudagyň işçi hünärmenleriniň döwrebap zähmet şertleri barada çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem önümçilik ýerinde zähmeti goramak boýunça kadalary we düzgünleri dogry berjaý etmek, howpsuz zähmet şertlerini üpjün etmek, önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň döremeginiň öňüni almak dogrusynda aýratyn bellenildi.