• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

«Bahar» tikin önümçilik birleşigi möwsümleýin egin-eşikleri taýýarlamakda öňdäki orunlary eýeleýär

  06.07.2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen, pagta, ýüpek, ýüň çig mallary ulanylyp, ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kömegi bilen öndürilýän dürli görnüşli egin-eşikleri dünýä bazaryna eksport etmek mümkinçiligi artýar. Bu gün «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen halkara bazaryna çykarylýan dokma harytlary dünýäniň iri kompaniýalarynyň uly gyzyklanmasyna mynasyp bolýar. Alyjylaryň uly isleginden peýdalanýan şeýle egin-eşikleriň bir toplumy-da ýurdumyzyň baýry kärhanalaryň hatarynda tanalýan «Bahar» tikin önümçilik birleşiginde öndürilýär.

1936-njy ýylda esaslandyrylan bu kärhana häzirki güne çenli dürli hili atlandyryldy. «Bahar» tikin önümçilik birleşiginde möwsümleýin geýilýän egin-eşikleri öndürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ýerde gyş aýlaryna niýetlenen içi pagtaly güpbüler, ellikler, şeýle-de harby gullukçylar üçin ýörite toplumlar, çaga we zenan egin-eşikleri öndürilýär.

Kärhananyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy, önümçiligiň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi egin-eşikleriň görnüşler sanyny artdyrmaga oňyn täsirini ýetirdi. Birleşigiň tikinçi hünärmenleriniň öndürýän harytlary ýokary hilliligi we döwrebaplygy bilen ýurdumyzyň içerki bazarlarynda alyjylaryň söýgüsini gazanmagy başardy.

Kärhana Türkmenistanyň dürli ýerlerinden gelýän sargytlar esasynda önüm öndürýär. Onuň önümçilik binýady 3 sany tikinçilik we 1 biçim sehinden, şeýle hem çig malyň, taýýar önümleriň saklanýan 3 sany ammaryndan ybaratdyr. Kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Oguldurdy Dadaýewanyň bellemegine görä, Türkmenistanyň jinsi toplumynda, Ruhabat dokma toplumynda, paýtagtymyzdaky Aşgabat we Türkmenbaşy, şeýle hem Gypjakdaky S.Nyýazow adyndaky dokma toplumlarynda dokalýan ýokary hilli, dürli görnüşli matalar önümçilikde esasy çig mal bolup hyzmat edýär.

Tikin tikýän, bürjeýän, ilik berkidýän, onuň halkalaryny taýýarlaýan, milli geýimleri nagyşlaýan, garaz, tikinçilik bilen bagly ähli işi ýerine ýetirýän kämil enjamlar oturdylan sehiň 2-sinde harby gullukçylar üçin pasla görä geýimler toplumy öndürilýär. Tikinçilik birleşiginiň 3-nji sehinde bolsa täze dogan çagalara we ýetginjeklere niýetlenen trikotaž önümleri, ýakasy nagyşlanan ştapel matasyndan tikilen zenan lybaslary, erkekler üçin milli biçüwdäki balaklar taýýarlanylyp, ýurdumyzyň welaýatlaryna ugradylýar. Şeýle hem panbarhat matasyndan ýakasy nagyşly lybaslar, erkeklere niýetlenen pižamalar, dürli şekiljikler, güljagazlar bilen baýlaşdyrylan çaga egin-eşikleri iň geçginli harytlaryň hatarynda durýar. Mundan başga-da kärhanada çagalaryň mekdep lybaslary ― gyzlar üçin ýaşyl reňkli okuw penjegi, ýakasy milli nagyşly köýnek, okuw öňlügi, okuwçy gyzlar we oglanlar üçin ak reňkli laboratoriýa dony taýýarlanylýar.

«Bahar» tikin önümçilik birleşiginiň agzybir tikinçileri owadan, elýeter we ykjam egin-eşikleri taýýarlamak bilen ilatyň dokma önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga öz mynasyp goşandyny goşýar.