• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

«Bahar — tomus 2021» moda görkezilişi naýbaşy türkmen lybaslaryny köpçülige tanyşdyrdy

  24.03.2021

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, «Mähirli zenan» we «Gül zaman» modalar öýleri 22-nji martda Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen moda görkezilişinde 2021-nji ýylyň bahar-tomus möwsümleri üçin taýýarlan taslamalaryny köpçülige görkezdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen serginiň çäginde guralan moda görkezilişinde hödürlenen lybaslar tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Bu görkezilişde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Modalar öýi agşamlyk we dürli dabaralar, sport, zenanlar, çagalar üçin niýetlenen lybaslaryň uly toplumyny görkezdi.

Öz gezeginde, «Mähirli zenan» modalar öýi «Mahmal ýürekli mähirli zenan» kolleksiýasyny hödürledi. Bu kolleksiýa bahar mähremligini, ylham joşgunyny hem-de zenan näzikligini özünde jemleýän milli zenan lybaslaryny öz içine aldy.

«Gül zaman» modalar öýi bolsa reňkleriň ajaýyp sazlaşygyny özüne siňdiren milli hem döwrebap lybaslaryny hödürledi.

Bulardan başga-da, serginiň çäklerinde «Asman» modalar öýüniň görnüşleriniň 38-si görkezildi. Milli äheňdäki zenan lybaslaryny döretmek bu modalar öýüniň esasy iş ugrudyr.