• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Bäherden etrabyndaky ýüplük fabriginde ýokary hilli ýüplügiň müňlerçe tonnasy öndürildi

  09.07.2021

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýüplük fabriginde şu ýylyň birinji ýarymynda ýokary zähmet üstünlikleri gazanyldy. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň alty aýynyň netijeleri boýunça kärhanada 41 million 990 müň 155 manatlyk önüm öndürildi.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan bu kärhanada işleriň ösüş depgini 107,4 göterime barabar boldy. Şunlukda, kärhana bäsdeşlige ukyply ýüplügiň müňlerçe tonnasyny öndürip dünýä bazaryna çykarmak bilen, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar. Ylaýta-da, ýüplük fabriginde öndürilýän 27/1, 34/1, 51/1 belgili ýüplükler daşary bazarda alyjylaryň uly gyzyklanmasyna mynasyp bolýar.

Kärhananyň ýüplük önümleriniň aglaba bölegi daşary döwletlere eksport edilýär.