• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Bäherdendäki we Daşoguzdaky kärhanalar «Cormatex Srl» bilen döwrebaplaşdyrylar

  05.10.2020

Wise-premýer Çary Gylyjow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary wagtynda, şeýle hem Birinji Hazar ykdysady forumy wagtynda gol çekilen şertnamalaryň we ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilýänligini aýtdy.

Olaryň arasynda Dokma senagaty ministrligi tarapyndan, Italiýanyň “Cormatex Srl” kompaniýasy bilen bilelikde gol çekilen dokma pudagynda boýunça özara hyzmatdaşlyk Memorandumy hem bar. Resminama laýyklykda, Baýramaly dokma toplumynyň we Daşoguz pagta egriji fabriginiň esasynda birnäçe önümçilik desgalaryny döretmek meýilleşdirilýär.

Meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin, türkmen hünärmenleri şahamça kärhanalaryny döwrebaplaşdyrarlar we täze önümçilik desgalary üçin enjamlary bolsa “Cormatex Srl” kompaniýasy üpjün eder.

Wise-premýer hasabatyny dowam etdirip, dokma işgärleriniň ekologiýa taýdan arassa önümleriniň ýerli sarp edijileriň arasynda, daşary bazarlarda uly islegiň bardygyny habar berdi. Ministrligiň degişli hünärmenleri häzirki wagtda, milli markalary döretmek üçin birnäçe işleri alyp barýarlar. Wise-premýer güýz möwsümine niýetlenen ulular we çagalar üçin täze eşik modelleriniň nusgalaryny görkezdi.