• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

"Balkandokma" önümçiligiň ösüşini görkezýär

  15.11.2021

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Serdar şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde döwrüň ösen talaplaryna laýyk işler amala aşyrylýar. Bu ýerde ornaşdyrylan önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýasy kärhanada ýokary hilli, dürli ölçeglerdäki sapaklary düwünsiz öndürmäge mümkinçilik berýär.

2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda toplumda 3 müň 870 tonna ýokary hilli nah ýüplükler taýýarlanylyp, geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 140 göterime golaý ýokarlandy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanan ýylyny ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemlemegi maksat edinýän kärhanada gürrüňi edilýän 10 aýda ýetişdirilen nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberi 68 million manatlykdan hem gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esseden hem köpdür. Munuň özi balkanly dokmaçylaryň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna önjeýli goşant goşmagy başarýandyklarynyň güwäsidir.