• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Bereket tikin fabriginde 2020-nji ýylda 14 million manatlyk önüm öndürildi

  02.02.2021

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan Bereket tikin fabriginde 2020-nji ýylyň jemleri boýunça 14 million manatdan gowrak önüm öndürdi.

Bu görkeziji degişli meýilnamadan 6 million manat köpdür.

Bu tikin fabrigi 2011-nji ýylda işe başlady.

Fabrikde her ýyl sarp edijileriň buýurmasy boýunça öndürilen 600 müň töweregi düşek toplumy – dürli ministrliklere, pudaklara, senagat kärhanalaryna, hususy telekeçileriň zawodlaryna göýberilýär.

Tikin üçin matalar ýurdumyzyň dokma toplumlaryndan we Türkmenistandaky beýleki degişli kärhanalardan gelýär.

Düşekleri we ýassyklary öndürmek üçin ýerli çig mal pagtadan alnan ýüpek pagta ulanylýar, bu bolsa önümiň özüne düşýän bahasyny ep-esli azaldýar.