Birža täzelikleri: dokma önümleriniň uly tapgyry daşary ýurtly telekeçiler tarapyndan satyn alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 30 million dollaryndan gowrak geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Ýurdumyzyň dokma önümleriniň uly tapgyry Azerbaýjanyň we Gazagystanyň telekeçileri tarapyndan satyn alyndy. Daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini satyn aldylar. Milli manat serişdeleriniň hasabyna bolsa, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi 94 million 499 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.
Şeýle-de biržada ýurdumyzyň nebitgaz we nebithimiýa toplumynyň benzin, kerosin, koks we mineral dökün önümlerini satyn almak boýunça baglaşylan geleşikler hem hasaba alyndy.