• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​“Çeper” tikinçilik fabrigi 2021-nji ýylyň jemini jemledi

  05.01.2022

Daşoguzyň “Çeper” tikinçilik fabrigi 2021-nji ýylda 17 million manatlyk önüm öndürmek bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşine möhüm goşant goşdy.

“Çeper” tikinçilik fabrigi Türkmenistanyň sarp ediş bazaryny ýokary hilli önümler bilen yzygiderli üpjün edýär.

Daşoguzyň “Çeper” tikinçilik fabriginiň ussat tikinçileri her ýyl dürli görnüşdäki egin-eşikleri, ýorgan-düşek daşlyklary we öý üçin niýetlenen dokma önümlerini öndürýärler. Fabrikde gurnalan döwrebap gurallar bäsdeşlige ukyply we dürli dokma önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.