• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Daşary ýurtly işewürler nah ýüplüginiň uly tapgyryny satyn aldylar

  01.09.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Türkiýäniň, Irlandiýanyň işewürleri nah ýüplük saýtyn aldylar.

Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Şotlandiýanyň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine nah ýüplügini satyn aldylar.

Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we distillirlenmedik pagta soapstogynyň çig ýagly kislotalaryny satyn aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 391 müň dollaryndan gowrak boldy.