Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
Türkmenistanda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 14-nji iýunda bu işe girişdiler. Ýurdumyzyň demirgazyk we günbatar sebitlerinde il sylagly ýaşulular halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly däbine görä, Beýik Biribardan orak möwsüminiň üstünlikli geçmegini dileg etdiler. Soňra ýaşuly nesliň wekilleri: «Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!» diýen sözler bilen ilkinji bugdaý sünbüllerini ordular hem-de orlan bugdaý bogdagyny möwsümiň rowaçlanmagynyň nyşany hökmünde kombaýnçylara berdiler.
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl türkmen gallaçylarynyň öňünde güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen jemi 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna, şol sanda Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda bolsa 80 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak wezipesi goýuldy.
Demirgazyk sebitiň ekerançylary ekiş möwsüminiň dowamynda bugdaýyň welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler. 2024-nji ýylyň galla oragynda däne ýygyjy kombaýnlardan, döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalardan peýdalanylar. Orak döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlar gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olary ähli zerurlyklar — ýangyç-çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Mehanizatorlar, sürüjiler, oraga gatnaşýan beýleki işgärler üçin zähmeti goramak we ýangyn howpsuzlygy boýunça gözükdirme işleri geçirildi. Meýdan düşelgelerinde olaryň talabalaýyk zähmet çekmekleri, dynç almaklary babatda zerur şertler döredildi. Medeniýet işgärleriniň çykyşlary, göçme söwda nokatlarynyň işi guraldy. Ýygnalyp alnan hasylyň kabul ediş bölümlerine, ammarlara we elewatorlara daşalmagyny ýük awtoulaglary üpjün eder. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem doly taýýarlyk ýagdaýynda. Olaryň hünärmenleri iň täze enjamlaryň kömegi bilen meýdanlardan gelip gowuşýan dänäniň hilini dessin kesgitlärler.
Balkan welaýatynda-da bol hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi, agrotehniki kadalaryň takyk berjaý edilmegi, güýzlük bugdaýa ideg işleri yzygiderli amala aşyryldy. Günbatar sebitiň gallaçylary orak möwsüminiň her bir gününi netijeli peýdalanmak üçin zerur taýýarlyk işlerini geçirdiler. Kuwwatlylygy we ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýan bugdaý orujy kombaýnlar meýdanlara çykaryldy. Olaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin awtoulaglar, ätiýaçlyk şaýlary, ýangyç-çalgy ýaglary ýeterlik möçberde üpjün edildi.
Daşoguz we Balkan welaýatlarynda Watan harmanyna altyn dänäniň ilkinji tonnalarynyň ugradylmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde bugdaýly meýdanlaryň töwereginde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergileri guralyp, olarda häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Estrada we halk aýdymçylary, folklor-tans toparlary gallaçylar üçin aýdym-saz çykyşlaryny taýýarladylar. Galla oragyna girişilmegi mynasybetli önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olarda möwsümi degişli derejede guramak, däne ýygnamak işlerini talabalaýyk we sazlaşykly geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatlara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize oba zähmetkeşleri baradaky yzygiderli aladalary, Watanymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşýan ekerançylaryň mynasyp durmuşy, netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykaryldy. Ýurdumyzda ekerançylyk üçin tarp ýerler netijeli özleşdirilýär, oba hojalyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda zerur işler alnyp barylýar.