• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Daşoguzda durmuş düzümleri işjeň ösdürilýär

  25.12.2023

Daşoguz şäherinde «Dokma önümleri söwda merkezi» atly söwda merkeziniň zallarynda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleri giňden görkezilýär.

Binany abatlamak we gaýtadan enjamlaşdyrmak işleri geçirilenden soň, şu ýylyň güýzünde açylan Gurbansoltan eje köçesiniň ugrundaky bu söwda merkezi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleri ýerlemäge ýöriteleşdirilendir. Bu ýerde alyjylara hödürlenilýän harytlaryň görnüşleri örän köp bolup, çaga egin-eşiklerini, sport lybaslaryny, ýurdumyzyň meşhur öndürijileriniň ululara niýetlenen üstki eşikleri, ýorgan-düşeklerdir ýassyklaryň daşlyklaryny, süpürgiçleri we beýleki önümleri satyn almak mümkinçiligi bar.

Şäheriň durmuş düzümlerini has-da ösdürmek Daşoguzda şähergurluşyk işleriniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Meýilleşdirilen işleri ýerine ýetirmäge döwlet edaralary bilen birlikde, hususy düzümler hem üstünlikli goşuldylar. Mysal üçin, durmuş düzümlerine degişli ähmiýetli täze gurluşyklar hökmünde güýzde ulanylmaga berlen «Tebigat çeşme» atly dermanhananyň binasyny görkezmek bolar. Müşderilere oňaýly bolmagy üçin dermanhanada derman serişdelerini satyn alýan adamlaryň hasaplaşyklary geçirmeklerine niýetlenilen ençeme ýerler hereket edýär. Şeýle hem ol ýerde derman serişdeleriniň talabalaýyk saklanylmagy üçin zerur şertler döredilipdir.

Täze dermanhana şäherde ilatyň gür ýerleşen ýerleriniň biriniň ýakynynda ýerleşendir, bu bolsa ýaşaýjylar üçin goşmaça amatlyklary döredýär. «Tebigat çeşme» dermanhanasynyň ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda-da şahamçalarynyň bardygyny bellemek gerek.

Şu ýyl ilata medeni-durmuş taýdan hyzmat etmäge niýetlenilen hem-de şäheriň durnukly ösüşini we sazlaşykly durmuşyny üpjün edýän täze binalaryň hatarynda welaýatyň dolandyryş merkeziniň dürli künjeklerinde söwda nokatlaryň we kafeleriň birnäçesi ulanylmaga berildi. Olaryň köp bölegi ozal boş ýatan ýerlerde guruldy.

Şeýle hem şu ýyl şäherde dürli görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary hem işjeň alnyp baryldy, bu işe ýerli telekeçiler toplumy hem giňden gatnaşdy. Ýylyň ahyryna çenli şäherde hususy bilim edaralarynyň ulgamy peýda boldy – meşhur «Kämil bilim» bilim merkezi öz şahamçasyny açdy.