Daşoguzyň «Çeper» tikinçilik kärhanasyndan okuwçylar üçin täze harytlar
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýatyndaky «Çeper» tikinçilik kärhanasy ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary üçin täze mekdep lybaslaryny we beýleki tikin önümlerini taýýarlaýar. Olaryň hatarynda fartuklar, gyzlar üçin mekdep lybasy bolan penjekler, jalbarlar, zähmet dersi üçin niýetlenilen iş eşik toplumlary we mekdep ýantorbalary bar. Şu we beýleki tikin harytlarynyň taýýarlanylyşynda ýurdumyzda öndürilýän saglyk üçin zyýansyz, ýokary hilli hem-de ekologiýa taýdan arassa çig maldan peýdalanylýar.
«Çeper» tikinçilik kärhanasynyň eýýäm mekdep bazarlarynda ilata hödürlenilýän önümleri uly islege eýedir. Şu ýerde kärhananyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak işleriniň barşynda oňa häzirki zamanyň iň öňdebaryjy tehnologiýa enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny bellemek gerek. Bu bolsa kärhananyň önümçilik kuwwatynyň hem-de harytlarynyň görnüşiniň artmagyna ýardam edýär. Kärhananyň tikin harytlarynyň sanynyň artdyrylmagy bilen, olaryň döwrebap nusgalary döredilýär.
Häzirki wagtda kärhana çagalar, uly adamlar we öý-hojalyk üçin niýetlenilen tikin önümleriniň 10-larça görnüşini taýýarlaýar. Kärhananyň ýokary derejeli we tejribeli işgärleri öz öňlerinde goýlan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirýärler. Olar ýurdumyzda import edilýän harytlarynň ýerini tutjak egin-eşiklerini öndürmekde öz başarnyklaryny görkezýärler. Şu ýylda kärhanada umumy bahasy 11 million manada deň bolan önüm öndürildi.