• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Dokma senagaty ministrligi Italiýanyň “Cormatex Srl” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder

  23.10.2020

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hünärmenleri dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ýerli çig mallary tygşytly ulanmak we önümçiligiň mukdaryny ýokarlandyrmak ugrunda birnäçe işleri alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti, Dokma senagaty pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, düýe ýüňüni we geçi çöpürini gaýtadan işläp önümçilge ornaşdyrmak üçin Italiýanyň “Cormatex SRL” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmak baradaky karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Baýramaly dokma toplumynyň esasynda guruljak ýüň egirme önümçiligi üçin Türkmenistana getirmek, gurnamak we sazlamak şerti bilen düýe we geçi ýüňünden 130 tonna ýüplügi öndürmek maksady bilen enjam satyn alnar.

Şeýle hem, Italýan kompaniýasy Daşoguzyň pagta egirme fabriginde pagta we ýüň galyndylaryny gaýtadan işlemek üçin ussahanany enjamlaşdyrar we ýylda mebel önümçiliginde we gurluşygynda ulanylýan agaç we izolýasiýa serişdeleriniň ýylda 7200 tonna önüm öndürer.