• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary halkara onlaýn sergisine gatnaşdy

  19.02.2021

Mälim bolşy ýaly, 15-25-nji fewral aralygynda, Ýaponiýanyň Russiýadaky söwda assosiasiýasy, täze garaşsyz döwletler bilen bilelikde gurnaljak “Merkezi Aziýa - Wirtual EXPO (CAVEX)” halkara onlaýn sergisi geçiriler. Bu sergide, Türkmenistanly işewürler we senagat toparlarynyň wekilleri şeýle-de dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary hem bar.

19-njy fewralda onlaýn serginiň çäginde türkmen-ýapon webinary geçirildi, şol döwürde Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini görkezdiler ýagny, durmuşa geçirilen onlarça maýa goýum taslamalary, häzirki zaman dokma kärhanalary, dokma we egriji fabrikler, tikinçilik toplumlary, pagtany gaýtadan işleýän zawodlar toplumlary, ýüň we ýüpek önümler, jins egin-eşikler we ş.m. Dürli görnüşdäki pagta we nah ýüplükleri, polotensalar, egin-eşikler we başga-da birnäçe önümler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirýär.

Dokma senagaty ministrliginiň wekilleri webinar üçin ýörite pudakda gazanylan üstünlikler barada hasabat taýýarladylar we dokma toplumynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek üçin ýakyn geljekdäki meýilnamalary taýýarladylar.

“Merkezi Aziýa - Wirtual EXPO (CAVEX)” sergisi täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga şeýle-de Türkmenistan bilen beýleki ýurtlaryň arasynda bar bolan ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläkde berkitmäge kömek eder.