• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary halkara sergisine taýýarlanýar

  14.02.2021

Mälim bolşy ýaly, 15-25-nji fewral aralygynda, Ýaponiýanyň Russiýadaky söwda assosiasiýasy, täze garaşsyz döwletler bilen bilelikde gurnaljak “Merkezi Aziýa - Wirtual EXPO (CAVEX)” halkara onlaýn sergisi geçiriler. Bu geçiriljek sergä Türkmenistanly işewürler we senagat toparlarynyň wekilleri şeýle-de dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary hem gatnaşar.

Onlaýn serginiň çäginde, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini görkezerler ýagny, durmuşa geçirilen onlarça maýa goýum taslamalary, häzirki zaman dokma kärhanalary, dokma we egriji fabrikler, tikinçilik toplumlary, pagtany gaýtadan işleýän zawodlar toplumlary, ýüň we ýüpek önümler, jins egin-eşikler we ş.m.

Sergide myhmanlarynyň dykgatyna dürli pagta we nah ýüplükleri, polotensalar we başga-da birnäçe önümler hödürlener.

19-njy fewral tutuşlygyna diýen ýaly, türkmen sergisine bagyşlanar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekilleri pudagyň gazananlary we dokma toplumynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek üçin ýakyn geljekdäki meýilnamalary taýýarladylar.