• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Dokma toplumyny döwrebaplaşdyrmak dowam edýär

  08.10.2021

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň S.Nyýazow adyndaky dokma toplumynda " Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna" laýyklykda önümçiligiň giň gerimli döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler has-da kämilleşdirilýär. Dokma toplumynyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 4169 müň inedördül metr mata, 2,5 müň jübüt jorap we 1440 müň metre çenli örtük poliester öndürmäge niýetlenendir.

Dokma toplumynda e-poçta ibermek we almak internet arkaly amala aşyrylýar. Bu ýerde zähmet çekýän işçileriň sanawy, olaryň işe gelen wagty ýörite ornaşdyrylan enjama elektron ýüzüni tanamak arkaly hasaba alynýar. Dokma toplumynda guramaçylyk we önümçilik işlerini sanlaşdyrmak üçin degişli işleri alyp barmak dowam etdirilýär.