Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda dokma senagatynyň önümleri boýunça geleşikler baglaşylýar
19 ― 25-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 160-sy hasaba alyndy. Olaryň arasynda Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň telekeçileriniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we awiakerosini, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn almak boýunça geleşikleri bar. Mundan başga-da, Owganystanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi, boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Şunda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 29 million 826 müň dollaryndan gowrak boldy.
Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleri 3 million 960 müň manatlyk saryja goýnunyň ýüňüni satyn aldylar. Ýurdumyzyň işewürleri bolsa içerki bazar üçin bahasy 48 million 626 müň manatlykdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, gaplaýyş plýonkasyny, şeýle hem el halylary we pagta lintini satyn aldylar.