• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynyň netijeleri

  23.06.2021

Geçen hepdede Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna nah matany we ýüplügi, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini satyn aldylar.

Nah ýüplük Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň işewürler toparlarynyň wekillerine ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 20 million 774 müň manatlykdan gowrak boldy.

Şeýle hem ýurdumyzyň işewürleri hem-de daşary ýurt işewürleri içerki bazar üçin polimer külkesini, polipropilen we gaplamak üçin ulanylýan plýonkany satyn aldylar.