• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

  17.05.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz, reňklenen hem-de tüýjümek žakkard önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 1 million 149-müň dollaryndan gowrak boldy.

Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň wekillerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy 7 million 725-müň manatlykdan gowrak boldy.