Geçen hepdäniň birža täzelikleri
13.07.2021
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 24 geleşik hasaba alyndy.
Ýurdumyzyň dokma toplumynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän pagta süýüminiň aglaba bölegi daşary ýurt telekeçilerine daşary ýurt pulunyň we milli manadyň hasabyna ýerlenildi. Pagta süýümini ABŞ-nyň dollar serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gyrgyzystanyň telekeçileri satyn aldylar. Şeýle hem bu çig malyň umumy bahasy 6 million 987 müň manada deň bolan möçberi BAE-niň täjirleri tarapyndan satyn alyndy.
Mundan başga-da daşary ýurt puluna ýurdumyzyň nebitgaz we nebithimiýa toplumynyň önümlerini ― kerosini, polietileni we beýlekileri satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
04.11.2024