Geçen hepde baglaşylan söwda geleşikleriniň mukdary 11 million ABŞ dollaryna barabar boldy
08.09.2021
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdanyň dowamynda jemi 20 geleşik hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna BAE-niň, Päkistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini, şeýle-de nah ýüplük satyn aldylar. Söwda geleşikleriniň umumy bahasy 11 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
BAE-niň we Päkistanyň telekeçileriniň milli walýutada satyn alan nah ýüplüginiň möçberi bolsa 6 milion 853 müň manat boldy.
Şeýle-de söwdanyň barşynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtdan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän portlandsementiň we plastiki önümleriň satuwy boýunça geleşikler hem baglaşyldy.
04.11.2024