Geçen hepde boýunça TDHÇMB-niň söwdalarynyň netijeleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 168 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.
Dokma senagaty pudagynyň önümleriniň aglaba bölegi Birleşen Arap Emirlikleriniň we Azerbaýjanyň telekeçileri tarapyndan satyn alyndy. Bu ýurduň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri hem-de nah ýüplügini satyn aldylar.
Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 5 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Şeýle hem daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň we Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de polipropileni, Gonkongyň we Singapuryň telekeçileri bolsa degişlilikde polietileni we tehniki kükürdi satyn aldylar.
Türkmenistanly işewürler içerki bazar üçin bahasy portland sementini satyn aldylar.