• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Geçen hepdede Russiýanyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň telekeçileri dokma senagaty önümleriniň uly toplumyny satyn aldylar

  14.06.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 176 geleşik hasaba alyndy. Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň iş toparlarynyň wekilleri umumy bahasy milli manatda 82 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügini we taýýar tüýjümek önümlerini satyn aldylar. Şeýle hem ýerli telekeçiler tarapyndan milli manat serişdelerine pagta süýümini we elde dokalan halylary satyn aldylar.

Mundan başga-da, geleşikleriň aglabasy ýurdumyzyň nebit-himiýa önümlerini satyn almak boýunça baglaşyldy. Şunda Beýik Britaniýaly telekeçiler ECO-93 belgili benzini, türkmen telekeçileri bolsa nebit koksuny, polietileni we ýokary dykyzlykly polipropileni satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasaba alnan söwda geleşikleriniň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 252 müň dollaryndan gowrak boldy.