• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

​Geçen hepdede TDHÇMB-de baglaşylan söwda geleşikleriniň netijesi

 

Geçen hepdede Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 509 müň dollaryndan gowrak bolan söwda geleşikleriniň 24-si hasaba alyndy.

Owganystanyň işewürler topary daşary ýurt puluna «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilýän suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, dollar serişdelerine «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi — polietileniň uly toplumy Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Polşanyň we Türkiýäniň telekeçilerine ýerlenildi.

48 müň manatdan gowrak baha bilen Owganystanyň we Özbegistanyň täjirleri elde dokalan halylary satyn aldylar. Şeýle-de içerki bazar üçin türkmen telekeçilerine polietilen, pagta süýümi we el halylary satyldy. Olaryň umumy bahasy 160 million 269 müň manat boldy.