Geçen hepdede TDHÇMB-de söwda geleşikleriniň netijeleri
07.12.2021
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 6 million 853 müň dollaryna barabar bolan jemi 20 geleşik hasaba alyndy.
Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň işewürler topary dollar serişdelerine Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän uçar kerosinini, yşyklandyryjy kerosini, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümi bolan suwuklandyrylan gazy we elde dokalan halylary satyn aldylar.
Türkmen telekeçilerine içerki bazar üçin manat serişdeleriniň hasabyna «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilýän ýokary dykyzlykly polietilen hem-de elde dokalan halylar ýerlenildi. Olaryň umumy bahasy 39 million 11 müň manada deň boldy.
04.11.2024