• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Geçen hepdede TDHÇMB-de söwda geleşikleriniň netijesi

  27.01.2022

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwda geleşikleriniň barşynda jemi 26 geleşik hasaba alyndy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 54 million dollaryna deň boldy.

Russiýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň işewürler topary Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyrylan kerosini, ýangyç mazudyny, nebit koksuny, bitumy, polipropileni satyn aldylar.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň işewür toparlary bahasy 87 müň manatdan gowrak bolan derman senagatynyň dürli görnüşli önümlerini satyn aldylar. Türkmen telekeçilerine umumy bahasy 1 million 613 müň manat bolan el halylary we pagta süýümi ýerlenildi.

Şeýle hem Serbiýäniň we Türkiýäniň telekeçileri daşary ýurt puluna buýan köküniň gury ekstraktyny, dürli metallaryň ýüzündäki posy we ýagy arassalamak üçin serişdäni satyn aldylar. Türkmen işewürlerine nah ýüplügi ýerlenildi.