• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million dollaryndan geçdi

  18.08.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 35 geleşik baglaşyldy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň täjirçilik toparlary boýalan tüýjümek önümleri we pagta ýüplügini satyn aldylar. Milli manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Gazagystanyň täjirleri umumy bahasy 35 million 867 müň manada deň bolan lukmançylyk serişdelerini we pagta ýüplügini satyn aldylar.

Şeýle hem daşary ýurt puluna we milli manat serişdelerine Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri, aýna listleri we polipropilen örtüjileri ýerlenildi.

Geçen hepdede baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 360 müň dollaryna deň boldy.