• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy

  14.09.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine float aýnasy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 322 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 122 müň 850 dollaryna deň bolan portland sementi satyn aldylar.