Gökdepe pagta egriji fabrigi 46 million manatlyk önüm öndürdi
17.08.2021
Ahal welaýatyndaky Gökdepe pagta egriji kärhanasynda 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 46 million 218 müň 550 manatlyk önüm öndürildi. Geçen 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 109,6%-e deň boldy.
Fabrigiň öndürýän önümi — pagta ýüplügi — esasan tikinçilik we trikotaž önümçiliginde, şeýle hem daşary ýurtlara eksport etmekde ulanylýar.
Gökdepe pagta egriji kärhanasy 2010-njy ýylda işläp başlady. Fabrigiň ýyllyk kuwwaty ýüplügiň «Рина Нм 16-1» sortundan 14 müň 500 tonna barabardyr.
04.11.2024