• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

  02.06.2021

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy. Mermer paýtagtymyzyň gününiň öňüsyrasynda geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Türkmenistanyň söwda we daşary aragatnaşyklar ministri, Türkmenistanyň dokma senagaty ministri, Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy, degişli pudaklaryň düzümine girýän edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynda döwlet Baştutanymyzyň halkymyza peşgeş beren täze ajaýyp eseri ― «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň çuňňur many-mazmuny, paýtagtymyzyň taryhyny öwrenmekdäki we şu günki üstünliklerine buýsanç döretmekdäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwlet galamyndan çykan bu ajaýyp eser Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýakymly wakalarynyň biri boldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.