• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Iş maslahatynda dokma pudagynyň önümleriniň daşary bazarlara çykarylyşyny artdyrmak bilen bagly meselelere seredildi

  05.11.2021

4-nji noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň ýolbaşçylary bilen daşary bazarlarda dokma önümlerine bolan islegi artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda dokma senagaty ministri R.Rejepow şu ýylyň 10 aýynda ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşinden habar berýän görkezijiler hakynda belledi. 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda dokma toplumynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 126,9%-e deň boldy. Ministrlik tarapyndan önümçilik meýilnamasy 165,8% ýerine ýetirildi.

Önümleri ýerlemegiň ösüş depgini 133,3% bolup, harytlaryň içerki bazarlara ýerlenilişi, geçen ýylyň degişli döwründäki görkeziji bilen deňeşdirilende 125,7%-den geçdi.

Döwlet Baştutanymyz dokma senagaty ministri R.Rejebowa Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümleriniň daşary bazarlara çykarylyşyny artdyrmak, olara bolan islegi ýokarlandyrmak bilen bagly goldaw bermek üçin mahabat-maglumat işlerini ilerletmegi tabşyrdy. Bu toplumy ösdürmek we maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak maksady bilen birnäçe anyk görkezmeler berildi.