Indiki ýyl Türkmenistanda «Halkyň Arkadagly zamany» diýip atlandyrylar
25-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Milli Geňeşiň iki palatasynyň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň hem-de hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onuň barşynda geljek 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamany» diýip atlandyrmak çözgüdi biragyzdan kabul edildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy bilen beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.
Ozal jemgyýetçilik guramalary, partiýalar we beýleki pudak edaralary tarapyndan geljek ýyl üçin şygarlar hödürlenildi.
Her ýyly özboluşly şygar astynda geçirmek ýörelgesi Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýola goýuldy. Muňa mysal hökmünde geçip barýan ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylandygyny aýtmak bolar.