• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Kaka etrabynda gurlup ulanylmaga beriljek döwrebap dokma toplumy pudagyň ösüşine mynasyp goşant goşar

  23.08.2021

Şu günler Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan dokma toplumynyň açylyşyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada hormatly Prezidentimiziň 20-nji awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow habar berdi.

Wise-premýer meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplumynyň ýylda 3 müň 650 tonna ýüplük, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendigini aýtdy. Kärhananyň ulanylmaga berilmegi 1 müň 300 sany täze iş ornuny döreder. Bu ýerde öndürjek ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümler ýurdumyzyň içerki bazarynyň sarp edijiligine ýetiriler we daşary döwletlere eksport ediler.

Hormatly Prezidentimiz bu barada hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil ölçegine, ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Şeýle hem türkmen dizaýnerleriniň içerki bazaryň isleglerini öwrenmegi, ilatyň möwsümlere degişli isleglerinden ugur alynmagy we egin-eşikleriňdir beýleki harytlaryň täze görnüşleriniň işlenip taýýarlanylmagy boýunça anyk tabşyryklar berildi.