• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Kaka etrabynda täze dokma toplumy açyldy

  28.08.2021

25-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda gurluşyk taslamasy ABŞ-nyň 147 million 850 müň dollaryna deň bolan täze dokma toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.

Dabarany açmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti däp bolan ýaşyl toý bagyny kesdi hem-de kärhananyň binasynyň içine girdi. Bu ýerde önümçiligiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Britaniýanyň Cotam Enterprises Ltd. Kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan döwrebap toplum 18 gektar meýdany eýeleýär. Toplumda ýüplük önümçiligi, boýag işlerini, mata taýýarlamagy we tikin işlerini alyp barýan bölümler hereket edýär. Her ýyda toplumda 3 müň 650 tonna pagta ýüplügi , 12 million inedördül metr nah matalary, şeýle hem 1 million 200 müňe çenli taýýar tikin önümleri öndüriler. Nah matalardan ýurduň beýleki tikinçilik kärhanalarynda çig mal hökmünde peýdalanylar.

Toplum dünýäbelli öndürijileriň ― Picanol (Бельгия), Rieter,Benninger(Şweýsariýa), Trützschler, Schlafhorst, Zinser, Monforst, Küsters(Germaniýa), Marzoli, Mario Crosta, Reggiani, Arioli, Savio (Italiýa), Tsudakoma, Juki, Muratec (Ýaponiýa) tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilendir.

Türkmenistanyň dokma pudagynyň kärhanalarynyň önümleri ISO 9001 «Önümçiligiň we hile gözegçiligiň dolandyryş ulgamy», ISO 14001 «Daşky gurşawy goramak», OHSAS 18001 «Zähmeti we önümçilik howsuzlygyny goramak» atly şahadatnamalar bilen sylaglandy.

Toplum 1300 sany işçiniň zähmet çekmegi üçin ähli amatly şertleri özünde jemleýär. Bu ýerde 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, şeýle hem 16 orunlyk 2 myhmanhana bar.

Döwlet Baştutany toplumyň çägine sportkarda aýlanmak bilen birlikde Kaka kärhanasynyň gurluşy bilen tanyşdy. Onuň barşynda dürli önümçilik bölümlerinde hünärmenler we işgärler bilen gürrüňdeşlik guraldy. Şeýle hem açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti üçin ýurduň dokma toplumynda öndürilýän lybaslaryň görkezilişi boldy.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly dokma önümçiligi boýunça Germaniýanyň öňdebaryjy enjamlary öndürýän kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Halkara standartlaşdyrmak guramasynyň wekilleriniň çykyşlaryny diňledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze dokma toplumynyň taýýar önümleri ― çagalar, erkekler we zenanlar üçin niýetlenilen egin-eşikleriň nusgalary görkezilen sergini synlady.

Dabarany tamamlamak bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Şeýle hem kärhana täze awtobuslaryň 10-sy, ýeňil awtoulag we ýük maşynlarynyň 2-si sowgat berildi.