• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Kaka etrabynyň dokma toplumynda ýokary hilli ýüplük öndüriler

  12.04.2021

Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Kaka etrabyndaky dokma toplumynda egirme işleri üçin niýetlenilen Şweýsariýanyň «K46 Rieter» atly 13 sany önümçilik enjamlary ornaşdyryldy. Täze enjamlar iň ýokary hilli ýüplügi öndürmäge mümkinçilik berýär.

Ýüplük egirmek üçin niýetlenilen enjamlar örän tygşytlylygy bilen tapawutlanyp, olar beýleki ugurdaş tehniki enjamlara garanyňda, 20% az elektroenergiýany sarp edýärler. Bu enjamlar arkaly taýýarlanylan ýüplükler ýorgan-düşek matalarynyň, erkekleriň köýnekleriniň we dürli joraplaryň önümçiliginde peýdalanylýar.

Kaka etrabynda ýerleşýän bu dokma toplumynyň gurluşygy Türkiýäniň «Cotam Enterprises Ltd» kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýar. Toplumda pagtanyň 5 müň tonna inçe süýümini işläp taýýarlamak, 3650 tonna pagta egirmesini we 12 million inedördül metr taýýar matalary öndürmek meýilleşdirilýär.