• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Lebap welaýatynda pileleriň gaýtadan işlenilmegine başlandy

  26.06.2021

Türkmenabadyň ýüpek önümçiligi birleşiginde ýüpek gurçugyndan alnan pileleriň gaýtadan işlenilmegine başlandy.

Şu ýylda lebaply ýüpek öndürijiler tarapyndan 1013-den gowrak pile öndürildi. Bu bolsa tutuş ýurt boýunça taýýarlanylan pile hasylynyň ýarsyna golaýdyr. Welaýatda öndürilen pileleriň aglaba bölegi Çärjew, Dänew, Kerki, Hojambaz etraplarynyň ýüpekçileriň tagallasy bilen taýýarlanyldy.

Türkmenabadyň ýüpek önümçiligi birleşiginde öndürilen ýüpek süýümleri içerki hem daşarky bazarlarda uly islege eýe bolýar. Kärhananyň hünärmenleri gymmatly çig malyň ýokary hil derejesinde gaýtadan işlenilmegini üpjün edýärler. Gaýtadan işlenilen pilelerden ýüpek matalary we ýüpek halylary dokalýar.

Şeýle hem kärhanada pagtadan dürli görnüşli matalar taýýarlanylýar. 2021-nji ýylyň birinji bäş aýynda önümçiligiň ösüş derejesi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterim ýokarlandy.