Magtymgulydaky kärhanada 300 müň tikin we örme önümleri, 6 müň aýakgap taýýarlanyldy
12.07.2020
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň welaýatyň Magtymguly şäherindäki Tikin we aýakgap fabrikler toplumynda şu ýyl tikin we örme önümleriniň jemi 302,5 müňden gowragy, aýakgap jübütleriniň bolsa 6 müň 200-si taýýarlanyldy – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Şeýlelikde, bu ýerde ýylyň birinji ýarymynda 7 million 993 müň manatlyga golaý iş bitirildi. Netijede, tutuş toplum boýunça önüm öndürmek baradaky ýarym ýyllyk meýilnama 147 göterim ýerine ýetirildi.
04.11.2024