• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

Mary welaýatynyň atyzlarynda gowaça idegine girişildi

  11.05.2021

Mary welaýatynda gowaça ekişi möwsümi tamamlandy. Daýhanlar 180 müň gektara barabar ýere tohum sepip, bu ekişi iň gysga agrotehniki möhletde tamamladylar. Gowaça ekilen meýdanlaryň ýarysynda eýýäm maýsalar gök öwüsýärler. Ekiş enjamlarynyň ýerine meýdanlara indi kultiwatorlar çykýarlar. Häzir 250-ä golaý enjam işleýär. Pagta meýdanlarynda gowaçanyň boý almagy bilen, olaryň sany has-da artar.

«Marysuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň işgärleri gowaçalara ösüş suwuny tutmaga birkemsiz taýýarlyk gördüler. Şu möwsüme çenli olar hojalygara we hojalyklaryň içindäki suwaryş ulgamlarynyň takmynan 1300 kilometrini arassaladylar. Bu nowhana ulgamlarynyň suw akdyryjylygyny we suw paýlanyş ölçeglerini göz öňünde tutup, ösüş suwunyň öz wagtynda geçiriljekdiginiň kepilidir.