Mary welaýatynyň «Ýeňiş» tikin kärhanasynda aprel aýy boýunça meýilnamalaýyn işler üstünlikli ýerine ýetirilýär
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mary şäherindäki «Ýeňiş» tikin kärhanasy ýurdumyzda öndürijilikli işleýän kärhanalaryň hatarynda tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň dokma senagaty pudagyny düýpgöter özgertmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde tutanýerli zähmet çekýän bu kärhananyň işçileri halkymyzyň ösen isleglerini nazara alyp, oglanlara, kiçi ýaşly çagalara niýetlenilen döwrebap köýnekleri taýýarlaýarlar.
Kärhanada eli çeper gelin-gyzlaryň uly topary zähmet çekýär. Olaryň alyjylaryň isleglerini yzygiderli öwrenmegi her pasla laýyklykda öndürilýän önümleriň söwdasynyň ýokary derejede bolmagyny üpjün edýär. Kärhananyň önümçiligi üçin zerur bolan dürli reňkdäki matalar ýurdumyzdaky Ruhabat dokma toplumyndan getirilýär. Garyşyk hem-de arassa pagtadan dokalan matalardan taýýarlanýan dürli ölçegdäki köýnekler özüniň hil derejesi babatda uly islege eýedir. Bu bolsa Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mary şäherindäki «Ýeňiş» tikin kärhanasynda öndürilýän önümleriň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutmagyny şertlendirýär.
«Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda joşgunly zähmet çekýän bu kärhananyň işçileri şu ýylyň aprel aýyny hem zähmet üstünlikleri bilen jemleýärler. Kärhanada aprel aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnamalaýyn işler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň ösüşine mynasyp goşant bolýar.